Biz barada


S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda” 12419 belgili karary esasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2012-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky 53-ö belgili buýrugy bilen döredildi we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir.
Mekdebimiz özüniň esaslandyrylan ýylyndan bäri orta hünär bilimli agrohimik-agronomlaryň, agronom-entomologlaryň, bagban agronomlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji tehnologlaryň, tehnik-mehanikleriň, tehnik-melioratorlaryň, ýer ulanyjy-tehnikleriň, weterinar feldşerleriň, ykdysatçylaryň, buhgalterleriň birnäçesini taýýarlap önümçilige ýollady. 2019-njy ýylda açylan Maglumat ulgamlary hünäri boýunça programmaçy-operator kärine eýe boljak hünärmenler 2021-nji ýylda uçurym edilip önümçilige ugradylarlar.
Mekdebiň bölümleriniň tejribeli mugallymlary döwrebap hünärmenleri taýýarlamagy öz öňlerinde esasy maksat edip goýýarlar we döredijilikli zähmet çekýärler. Olaryň düzüminde dosent we birnäçe derejeli mugallymlar hem bar.
Mekdebimizde häzirki zaman kompýuter-tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, internet ulgamy, okuw-ylmy we çeper edebiýatlary özünde jemleýän kitaphana talyplaryň hyzmatynda.
Talyplar okuw sapaklaryndan boş wagtlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we mekdebimizde geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna, döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar.

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79