Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek


Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde häzirki barha ösýän jemgyýetimizde bilim ulgamynyň gazananlaryny ýaşlaryň durmuş tejribesine gönükdirmek bilim-terbiýeçilik edaralarynyň öňünde duran esasy wezipedir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösdürilmegine we şol ösüşleriň barha ilerlemegine itergi bermäge Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hem döwrebap bilimli, giň gözýetimli, öňlerinde goýlan maksada ýetmäge päk ýürekden ymtylýan ýaş nesli terbiýelemek boýunça uly işler alnyp barylýar. Mekdebimiziň çäginde oba hojalyk çig mallaryny gaýtadan işlemegiň döwrebap usullarynyň inçe tilsimlerini öwretmek boýunça bilim berýän “Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek” bölümi hereket edýär. Ösen tehnologiýalaryň giňden ýaýran döwründe azyk senagaty kärhanalary üçin tehnolog işgärleriň taýýarlygyny üpjün etmek bölümiň öňünde duran esasy wezipedir. Munda, ilki bilen, tehnolog işiniň ähli görnüşleriniň tehniki we tehnologiki gurşawlary öz içine alýandygy, onuň özboluşly alamatlarynyň ylmy taýdan esaslandyrylýandygy we häzirki zaman tehnologiýa tejribeleýin gatnaşylýandygy göz öňünde tutulýar. Bölümde ýokary derejeli tehnolog işgärlerini taýýarlamakda, ylym-bilim we hünär öwrenýän ýaş nesilde öz hünärine bolan söýgini, tehnologlyk ukyby, işi täzeçe guramak başarnygy, ýokary jogapkärçiligi, ahlaklylygy we olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak bilen bagly uly işler amala aşyrylýar.

“Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek” bölüminiň düzüminde 5 sany hünär hereket edýär. Olar:
  • Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy;
  • Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy;
  • Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi;
  • Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy;
  • Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.

Paýlaş

Agronomçylyk

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde hä [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79