Sport


Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli gönüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Häzirki wagtda sport we bedenterbiýe talyplaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde sportuň orny örän uludyr. Çünki sport-sagdynlygyň çeşmesidir. Köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen mekdebimiziň talyplary bilen hem ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişler gurnalýar, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär, milli sport oýunlaryna aýratyn üns berilýär.

Mekdebimiziň talyplary sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän bäsleşiklerde işjeň çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Biziň talyplarymyzyň Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri sport ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiziň döredýän şertleriniň aýdyň görkezijisidir. Muňa mysal edip mekdebimiziň talyplarynyň sportuň “Hap-kido” görnüşi boýunça 80 we 85 kilogram agramlarda döwlet derejesinde II orna, sportuň “Uniwersal söweş” görnüşi boýunça bolsa, 80 kilogram agramda döwlet derejesinde I orna mynasyp bolmaklaryny görkezmek bolar. Sport, ilkinji nobatda, beden saglygyny berkitmek bilen, ruhy sagdynlygyň hem esasyny goýujydyr. Sebäbi beden taýdan sagdynlyk ruhy sagdynlygyň esasydyr. Beden taýdan sagdyn, ruhubelent talyp bolsa, islendik okuw sapagyny talabalaýyk kabul etmäge we özleşdirmäge taýýardyr.

Paýlaş

Bäsleşikler

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dü [...]

Sport

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dü [...]

Sanly bilim

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dü [...]

Kitaphana

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dü [...]

Talyp durmuşy

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dü [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79