BIZ WATANYŇ ÝAŞ NESILLERI



     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan  ähli babatlarda ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýeňişler gazanylyp beýik üstünliklere hemra bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem uly üstünliklere ýetilip, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin döwrebap sanlylaşdyrylan görnüşde okuw sapaklary berilýär.
     Biziň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem baýry mugallymlar tarapyndan kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen dünýä ülňülerine gabat gelýän ýagty otaglarda talyplara agrosenagat toplumlarynyň ugurlary boýunça çuňlaşdyrylyp bilim berilýär. Bulardan başga-da talyplaryň nazary bilimlerini has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen ýörite okuw maksatnamasynda görkezilen okuw tejribeliklerde talyplary ýurdumyzyň önümçilik ýerlerine, kärhanalara ekskursiýalar gurnalýar. Ine ýaňy ýakynda hem ýurdumyzda hereket edýän “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankyna talyp ýaşlarymyz bilen bardyk we talyplar bank ulgamynda hereket edýän, bölümler, bank amallary, bankyň wezipeleri barada hünärmenler tarapyndan berlen gürrüňleri diňlediler. Häzirki wagtda bazar-ykdysadyýetiniň özeni bolup durýan bank ulgamy bolup, haryt önümçiligi, pul dolanşygy barada maglumatlar talyplaryň hünärleri bilen baglaşdyrylyp öwredildi. Bu bolsa talyplarda hünärlerine bolan söýgüsini has-da beýgeldip,geljekde watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşantlaryny goşmaga uly itergi berdi.
     Bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize köp sag bolsynlarymyzy aýdýarys.Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlar sag, başlary dik, tutýan il-ýurt bähbitli, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallary:
                                                                                            M.Orazmuhammedowa
                                                                                                     J.Sopyýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79