Oba hojalygynyň Ykdysadyýeti


Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleriň many-mazmuny we häzirki zaman talaplary, ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat, öňdengörüjilikli, parasatly ädimler, belent maksatlar bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we onuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçirilmegi, sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirmegiň ýollary we gurallary “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda kesgitlenendir.
Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagy üçin orta hünärli işgärleri taýýarlamak we olarda döredijilik mümkinçiliklerini berkitmek, giň gözýetimli, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna erk edip bilýän türkmen ýaşlaryny ýetişdirmekde mekdebimiziň çäginde “Oba hojalygynyň ykdysadyýeti” bölümi hereket edýär. Bölümde tejribeli mugallymlar ykdysadyýet we buhgalteriýa, oba hojalygynda sanly maglumat ulgamlary bilen baglanyşykly düşünjeleri talyplara öwretmekde bilimde köp ýyllaryň dowamynda gazanylan mugallymçylyk usullaryndan peýdalanýarlar.

Oba hojalygynyň Ykdysadyýeti bölüminde 3 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar:

Paýlaş

Agronomçylyk

Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleriň many-mazmuny we häzirki zaman talaplary, ýurdumyzda [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79