Türkmenistanda ýene 7 mekdep iňlis diline ýöriteleşdirildi


Dowam edýän okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda orta mekdepleriň 7-sine iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň hukuk ygtyýarlygy berildi. Bu barada Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada nygtaldy. Olaryň ählisi şu okuw ýylynyň ilkinji gününde açylan täze mekdeplerdir.

Şeýle hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan kompýuter, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk, lukmançylyk hukuk adalgalarynyň, ykdysady adalgalaryň, hytaýça-iňlisçe-türkmençe, parsça-türkmençe sözlükler, rus dilini öwrenmek üçin iki dilli multimedia sözlügi taýýarlanyldy.



https://turkmenportal.com/tm/blog/52641

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79