Türkmenistanda Halk Maslahatyny döretmäge taýýarlyk görülýär


Häzirki wagtda Türkmenistanda Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň ýanynda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça iş toparynda degişli işler alnyp barylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrow «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly kanun taslamalaryny taýýarlamak, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň indiki bilelikdäki mejlisi 21-nji ýanwarda geçiriler.


https://turkmenportal.com/tm/blog/56847/turkmenistanda-halk-maslahatyny-doretmage-tayyarlyk-gorulyar


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79