ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi orta mekdepleriň mugallymlary üçin gollanmalar toplumyny taýýarlady
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hyzmatdaşlygynyň çäginde umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin gollanmalar toplumy taýýarlanyldy.
Bu gollanmalar toplumynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň bilermenleriniň halkara tejribeleriniň netijesinde türkmen alymlary bilen degerli maglumatlary jemlediler. Mekdep mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar toplumyna Türkmenistandan hem bilim işgärleri wekilçilik etdiler.
Gollanmalar toplumy umumybilim berýän orta mekdepleriň 3-nji synpyndan ýokary synplarda okadylýan bäş ders boýunça klimat bilen bagly maglumatlary giňişleýin öwretmäge niýetlenendir. Has takygy, tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, oba hojalyk zähmeti, geografiýa, ekologiýa dersleriniň okuw maksatnamalaryndaky temalaryň interaktiw usullarda geçilmegini we çagalaryň özbaşdak ýumuşlar bilen bu möhüm meselede düşünjeleriniň artmagyny gazanmak gollanmalar toplumynyň esasy wezipesi bolup durýar.