Türkmenistanda gowaçanyň bäş sany täze sorty ekilýär

Şu ýyl Türkmenistanda gowaçanyň täze sortlarynyň 5-si ekilýär. Olar «Ýolöten-50», «Ýolöten-53», «Aşgabat-140», «Garaşsyzlyk-30» we «TOHU-17» sortlarydyr diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl Türkmenistan boýunça ekilýän gowaça meýdanynyň esasy bölegini orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3» hem-de önümçilige täze ornaşdyrylan ýaly sortlar tutýar. Gowaçanyň inçe süýümli görnüşi Ahal we Mary welaýatlarynda ekilýär.

Häzirki zaman tehnikalary, mineral dökünler, ösümliklere zyýan berijilere garşy ulanylýan himiki serişdeler we ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi hem-de oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, daýhanlarymyz şu ýyl hem ýerden bol hasyl öndürip, döwlet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirerler.

 Çeşme:  https://turkmenportal.com/tm/blog/59943/turkmenistanda-gowachanyn-bash-sany-taze-sorty-ekilyar

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79