Mekdebimiziň talyplary XII spartakiada ýaryşynda baýrakly orunlara mynasyp boldular
Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
“Türkmenistan-Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XII spartakiada Türkmenistanyň orta hünär we başlangyç okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilmegi hem munuň subutnamasy bolup durýar. Bu ýaryşlara Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň talyplary işjeň gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlara eýe boldular. Olar, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 1-nji orna; düzzüm, ýeňil atletika, uzynlygyna bökmek, tigir ugurlary boýunça 2-nji orna; suwda ýüzmek, kiçi futbol, küşt, tennis ugurlary boýunça 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Mundan başgada mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Kakabaýew Batyr Türkmensitanyň sport komitetiniň guramagy esasynda Türkmenistanyň kubogy Karate do boýunça 3-nji orny almagy başardy.
Biz hem bagtyýar talyplarymyzyň bu ajaýyp ýeňişlerini tüýs ýüregimizden gutlap, Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna bildirýän ynamyny ödejekdigine berk ynanýarys!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
Mugallymy Ahmet Gurbanow