“Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň her bir güni baýramçylyklara we şanly senelere beslenýär. Ynha şu gün hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň we Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Baýdagym belentdir dünýäň öňünde” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna mahsus ýürek buýsançlaryny we joşgunlaryny beýan etdiler. Okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bolsa, dabara has-da aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
mugallymlary Ahmet Gurbanow, Sopyýewa Jennet