Ýaş matematikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrunde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýalar” ýylynda türkmen ýaşlaryna döwrebap bilim bermek, şeýle hem olaryň geljekki hünärini saýlamak, öz zehinlerini we başarnyklaryny doly açyp görkezmek, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmek ukyplaryny ösdürmek, matematika dersine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda matematika dersinden “Ýaş matematikler” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň bölümleriniň I-II ýyl talyplary gatnaşarlar. Bäsleşik bellenilen möhletde, düzgünnamada meýilnamalaşdyrylan şertler esasynda geçirildi. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda mekdebiň birinji gatyndaky meýdançasynda geçirildi. Bäsleşik döwründe talyp ýaşlardan düzülen iki sany alyp baryjy bäsleşige gatnaşýan toparlaryň atlary we şertler bilen tanyşdyrdy.Bäsleşikde jemi 3 topar ýaryşyp, olaryň her biri 8 oýunçydan ybarat boldy.Bäsleşigiň şertlerine göra: Her toparyň toparbaşysy öz topary bilen tanyşdyrdy.Toparbaşylaryň beren soraglaryna jogap berildi. Matematika dersi bilen baglanyşykly “Estafeta “oýny gurnaldy. Toparlaryň agzalarynyň ählisi öz bijesine düşen soraglara jogap berdiler, matematika degişli sahna goýdular, logiki soraglara jogap berdiler, bellenen wagtyň dowamynda matematiki simwollardan formula düzdüler, çalt hasaplamak amallaryny ýerine ýetirdiler.
Emin agzalarynyň seljermesi esasynda bäsleşik döwründe matematikadan işjeň çykyş eden toparlaryň çalasynlygyna, ugurtapyjylygyna seredilip ýeňijiler saýlandy. Bäsleşikde I orny Inženerçilik bölüminiň talyplary, II orny Oba hojalygynyň ykdysadyýet bölüminiň we III orny Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek bölüminiň talyplary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine mekdep direktorynyň adyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
matematika mugallymy Döwletowa Ogulbeg.