Lukmanlaryň talyp ýaşlar bilen sagdyn durmuş ýörelgeleri barada
Mekdep direktory wagyz-nesihat duşuşygyny açmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, 2023-nji, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň ähli babatlarda ägirt uly ösüşlere eýe bolýandygyny belledi we asuda Watanymyzyň ähli ösüşlerinde ýaş nesillerimiziň ornunyň örän uludygyny nygtady. Direktor sözüni dowam etdirip, şu gün Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýokanç kesellerden goranmak, şahsy we köpçülikleýin gigiýenany berjaý etmek barada wagyz-nesihat duşuşygyny geçirmek üçin degişli edaralaryň wekilleriniň gelendiklerini belledi we talyp ýaşlary olar bilen tanyşdyrdy hem-de çykyş etmek üçin söz berdi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkeziniň müdirýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty öz çykyşyny “Ýokanç keselleriň öňüni almak, gepotitlar AIWAIDS – IGAGK keselleri, arassaçylyk düzgünleri” tema boýunça alyp bardy. Ol talyp ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklige, her hili ýokanç kesellerden daşda durup, gigiýena düzgünlerini berjaý etmeklige, lukmanlaryň görkezmesi bolmasa derman serişdelerini ulanmazlyga çagyryp giňişleýin çykyş etdi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Neşekeşligiň, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmany öz çykyşyny “Zyýanly endiklerden daşda durmak” temasyndan etdi we talyplaryň düzgün-tertibi gyşarnyklsyz berjaý etmekleri, adam organizmine zeper ýetirip biljek nogsanlyklardan, ýaramaz gylyk häsiýetlerden we endiklerden daşda durmaklyga çagyryp giňişleýin çykyş etdi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyşyň habarlar merkeziniň lukmany öz çykyşynda talyp ýaşlaryň arassaçylyk we gigiýena düzgünlerini gyşarnyklsyz berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek barada çykyş edip, talyplary derman serişdelerinden seresap peýdalanmak barada giňişleýin gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiologiýa lukmany öz çykyşynda “Gepatitler: ýiti respirator keseli” barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdi we olary sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmeklige, öz bedenlerini fiziki taýdan berkitmeklige, bedenterbiýe we sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşmaklaryna, lukmanyň görkezmesi bolmasa, özbaşdak derman serişdelerini ulanmazlyga, temmäki önümlerinden we spirtli içgilerden daşda durmaklyga çagyrdy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany öz çykyşynda talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň geljegi bolmak bilen, olardan köp zada garaşylýandygyny belledi we talybyň sagdyn bolmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmeginiň zerurlygy, sagdyn iýmitlenmeginiň wajyplygy, öz bedenlerini fiziki taýdan berkitmekleriniň, bedenterbiýe we sport bilen bilen yzygiderli meşgullanmaklarynyň wajyplygy barada giňişleýin çykyş etdi.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri çykyş edip, ýurdumyzyň ösüşinde köp zadyň ýaşlara bagly bolup durýandygyny nygtady we mekdebimiziň talyp ýaşlaryny beýleki ýaşlara görelde bolmaklyga çagyrdy hem-de talyp ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleriniň wajyplygy barada ýene-de bir gezek özüniň maslahatlaryny berdi.