Sanly ulgam — ösüşleriň möhüm şerti


     

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. 

     Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta okuw mekdebimizde sanly ulgamy ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Mekdebimizde talyplar bilimini hasda ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalardan peýdalanyp olaryň düzüm böleklerini öwrenmek ýagny kompýuteriň ulgamlaýyn binasynyň içki gurluşyny jikme-jik öwrenip, gurnap, otyrdyp bilmekleri ondan başgada tehnologiýalary ähli görnüşlerini öwrenmek, sanly tilsimatlardan doly baş çykarmak, sanly bilim ulgamynyň ösdürmegiň iň esasylarynyň biri bolup durýar. Bu okuw sapaklaryň esasynda talyplara ýokary bilim bermek ukyp başarnyklaryny artdyrmak olara döwrebap sapak geçmek ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmek mekdebimiziň esasy wezipeleri bolup durýar.

     Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Türkmenistanyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag başlarynyň dik il bähbirli ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin!


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
mugallymy Gullaýew Maksatmyrat.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79