“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersinden bäsleşik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Hut şul nukdaýnazardan ugur alyp, Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdepdebimizde “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa mekdebiň 1-nji we 2-nji ýyl talyplary gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrynda 10 sany talyp saýlandy. Bäsleşigiň 2-nji tapgyrynyň netijesi boýunça 1-nji ýyllaryň arasynda 5 sany talyp baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Olar:
1-nji orun – Maglumat ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby Hojagulyýew Orazmuhammet;
2-nji orun – Maglumat ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby Myradowa Gülzada;
3-nji orun = Maglumat ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby Hydyrowa Aýşat;
Höweslediriji orunlara - Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Geldibaýew Orazmuhammet, Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby Hojaýewa Aýbölek.
2-nji ýyllaryň arasynda 3 sany talyp baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Olar:
1-nji orun – Maglumat ulgamlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Hojagulyýew Şanazar;
2-nji orun – Maglumat ulgamlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Öwezowa Dildar;
3-nji orun – Maglumat ulgamlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Annageldiýewa Gülbahar.
Talyplar bu ýaryşa has öňden taýýarlyk görüp başladylar. Olar öz kompýuter ugrundaky başarnyklaryny tejribe ýüzünde görkezdiler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim edaralarynda talyplara has netijeli okamaga kömek edýän sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Biz hem bagtyýar talyplarymyzyň bu ajaýyp ýeňişlerini tüýs ýüregimizden gutlap, Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna bildirýän ynamyny ödejekdigine berk ynanýarys!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
mugallymy Ahmet Gurbanow.