Arkadag şäheri-Milli binagärligiň merjeni
Arkadag şäheri-Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ýazan kämil sungat eseri. Jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binasynyň düýbini tutmak hakynda Hormatly Gahryman Serdarymyz karar gol çekdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň onuň ýokary hilli amala aşyrylmagynyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelejekdigini aýtdy.
— Şunda obasenagat toplumyna degişli bilim ojaklarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Binalaryň ýerleşdiriljek ýerleri ylmy esasda içgin öwrenilmelidir. Şol bir wagtyň özünde degişli toplumlaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Gurluşyk işlerinde obasenagat toplumynyň hünärmenleri bilen ýakyndan utgaşykly işe möhüm orun berilmelidir — diýip,hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutany uniwersitetiň garamagynda ekerançylyk ýerleriniň, ýyladyşhananyň, dürli görnüşli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmalydygyny belläp, talyplaryň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, zyýankeşlere garşy göreşmek endiklerini ösdürmelidiklerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, şunda milli daýhançylyk däpleri özleşdirilip, häzirki döwürde howanyň we tebigatyň üýtgeýän ýagdaýy bilen öňünden tanşyp bilmek, ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmekde zerur bolan maglumatlar bilen üpjünçilik sanly ulgamy özleşdirmek arkaly ýola goýulmalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.
Ýurdumyzyň ösüşiniň täze nusgasynyň üstünlikli hereket etmegini häzirki döwrüň ruhy şertleri we ýokary talaplary esasynda ýetişen ylymly-bilimli ýaşlaryň, hünärmenleriň täze nesli bilen baglanyşdyrýar. Şol nukdaýnazardan, täze syýasy we ykdysady ugur ýaşlara ylym-bilim bermäge, olary başarnykly hünärmen edip ýetişdirmäge, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilýär. Bu bolsa ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr hem-de olaryň başarjaň adamlar bolup ýetişmeginiň esasy şertidir. Şeýle uly aladalar her bir ýaş nesli okamaga, kämilleşmäge ýokar derejeli hünärmen bolup ýetişmeklerine üçin uly itergi berýär. Türkmenistan döwletimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyna öz başarnygy we hünäri bilen jogap bermek her bir ýaş hünärmen üçin zerurdyr. Ýaşlara bildirilýän ynam ýaş nesle ylym-bilim, terbiýe berýän, olary durmuşa taýýarlaýan mugallymlara hem degişlidir.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Türkmeniň Milli Lideri, Türkmenistnayň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgesini dowam etdiriji “Watan – halky bilen Watandyr”, “Döwlet-diňe halky bilen döwletdir” diýen ýol-ýörelgäni öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp içeri we daşary syýasaty mundan beýläk hem dabaralansyn!
Tawus Esenmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy