Ýaş talantlar döredijilik bäsleşigi

          

          2023-nji ýylyň 29-njy Noýabrynda biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň gatnaşmagynda, Ýaş talantlar döredijilik bäsleşigi geçirildi.
          Bu bäsleşik uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bäsleşige tomaşa etmäge uniwersitetimiziň professor-mugallymlary, talyplary şeýle-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösmeginde döredijiligiň örän uly täsiri bardyr. Çünki, döredijilik bilen meşgullanmak öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmekdir. Şol başarnyklaryň kemala gelmegi üçin bolsa, yzygiderli zehin siňdirip, şol zehiniň netijesinde kemala gelen tejribeleri paýlaşyp bilmek, olary halk köpçüligine ýetirmek zerurdyr. Hut şu mynasybetli, biziň abraýly Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilik festiwallaryny, bäsleşiklerini yzygiderli gurnaýar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa, talyplaryň ylym-bilim we döredijilik dünýäsi bilen giňden meşgullanmaklaryna ýardam edýär.
Bu döredijilik bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar dürli ugurlar boýunça çykyş etdiler. Ýagny, talyp ýaşlarymyz gysga eserleri, çeper okaýyş, aýdym-sazly çykyşlar esasynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Ýaş talantlar bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary 3-nji oruny eýelemegi başardylar.
          Umuman, geçirilen bu çäräniň esasy maksady – Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini netijeli dowam etdirmekden we halkymyzyň baý sungatyny açyp görkezmekden ybarat bolup, ýaş nesillerimiziň barha kämilleşmegine uly itergi boldy. Ýaş talantlar atly döredijilik festiwalyna gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän şeýle mümkinçiliklerine we ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirmekde oňyn işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýdyp, oňa jan saglyk, uzak ömri, işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler! 


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiň mugallymy

Ahmet Gurbanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79