Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň aýratyn üstünliklere beslenendigini we beslenýändigini aýratyn bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelendigini we ony ýokary guramaçylykly geçirmek we asuda ýagdaýda geçirmekligiň wajyplygyny aýratyn nygtadylar. Çykyş edenler Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gün saýyn gülläp ösýän Watanymyzda talyp ýaşlarymyzyň ösen aň-düşünjeli bolup beýleki ýaşlara görelde bolmalydyklary barada aýratyn bellediler. Olar ýaşlaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklarynyň wajyplygyny, hukuk bilimlerini artdyrmaklygyň zerurlygyny, zyýanly endiklerden, şol sanda Täze ýyl baýramçylygy döwründe partlaýjy maddalardan, adamyň saglygyna zyýan ýetirip biljek beýleki nogsanlyklardan daşda durmaklary barada nygtadylar. Çykyş edenler talyp ýaşlaryň öz üstlerinde işläp yzygiderli hukuk sowatlylyklaryny ýokarlandyrmaklarynyň, deň-duşlaryna wagyz-nesihat bermek arkaly hukuk bozulmalaryň öňüni almaklyga işjeň gatnaşmaklarynyň zerurlygyny bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek bilen ýaşlaryň ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelere uýmaklarynyň maksadalaýyklygyny bellediler. Şeýle hem duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň örän terbiýeli, edep-ekramly we salyhatly bolmalydyklary barada giňişleýin durup geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar talyp ýaşlara ýüzlenip, olara okuwlarynda uly üstünlikler arzuw etdiler we geljekde halkymyza, Watanymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini has belent sepgitlere ýetirmekde öz saldamly goşantlaryny goşjak başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, ýurdumyzy gülletmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Mekdebiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Ýakup Suhanow