Buýsançnama





Buýsançnama


Gadymy mirasyň nusgasy bilen,

Ynamly ädimler, belentdir başlar,

Mukaddes taryhyň çeşmesi bilen,

Maksada okgunly bagtyýar ýaşlar.


Ata-babalaryň pähimi ýaly,

Parahat durmuşy, asuda ýoly,

Gujurly, gaýratly, agzybir ili,

Geljegiň şuglasy – zehinli ýaşlar.


Oguzhandan gaýdýan ýodasy bilen,

Edep-ekram, düzgün-kadasy bilen,

Watana wepaly kadasy bilen,

Berkarar döwletiň daýanjy ýaşlar.


Milli mirasyna belent sarpasy,

Röwşenlidir şu güni hem ertesi,

Belentde sarpasy, dagdan arkasy,

Pähim ummanynyň kenary ýaşlar.


 


 


Mährijemal Berdiýewa

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79