Magtymguly Pyragy – ýürekleriň çyragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry hem-de filosofy, türkmen edebiýatynyň kämilleşmegine, türkmen edebi dilini ösdürmekde örän uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet çäreleri dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda giňden bellenip geçiler. Şygyrýet äleminde döredijilik işleri bilen meşgullanýan, şygyr, hekaýa ýazýan we çeper okaýjy edep-ekramly zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilelikde ýaşlaryň arasynda “Magtymguly Pyragy - ýürekleriň çyragy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. “Magtymguly Pyragy - ýürekleriň çyragy” atly döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan işlerinden ugur alyp giň dünýägaraýyşly, dörediji, watançy, arassa-ahlakly, halal, ylymly-bilimli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekden Şygyr ýazýan, döredijilik işleri bilen meşgullanýan, çeper okaýjy ýaşlary ýüze çykarmakdan we olaryň çeper eserleri okamak endiklerini, pikirlerini, ýatkeşligini artdyrmak hem-de milli mirasymyzyň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmekden, Magtymguly Pyragynyň döwri we döredijiligi baradaky maglumatlary bilmekden, goşgylaryny ýatdan öwrenmek arkaly şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Bäsleşige saýlanyp alnan 15 sany talyp gatnaşyp, umumylykda öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça Magtymguly Pyragynyň döwri we döredijiligi, şeýle-de goşgulary bilen baglanşykly berlen soraglara dogry jogap bermek boldy. Bäsleşigiň 2-nji şerti boýunça her bir talyp Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerindäki goşgylarynyň 2 bendini ýatdan labyzly okap berdiler we 3-nji şerti boýunça bäsleşige gatnaşyjylar 15 minudyň dowamynda Magtymguly Pyraga bagyşlap goşgy düzdüler we ony labyzly okap berdiler.
Bäsleşik bir tapgyrda geçirildi we bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň adyndan bilelikdäki gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşuryldy. “Magtymguly Pyragy - ýürekleriň çyragy” ady bilen geçirilen bäsleşigiň maglumatlary ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, tele-radioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda halk köpçüligine ýetirildi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar:
1-nji orna:
Berdiýewa Mährijemal, Agrohimiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby;
Welläýewa Oguljeren, Ýer ulanylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby;
Maşyýew Baýramgylyç, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby;
2-nji orna:
Orazgeldiýewa Ogulsenem, Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyby;
Nurmuhammedowa Amantäç, Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby;
Ýollyýewa Ogulşirin, Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby;
3-nji orna:
Arazmedowa Gyrmyzy, Agrohimiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby;
Atdaýew Gurbangylyç, Ösümlikleri goramak hünäriniň 1-nji ýyl talyby;
Şageldiýewa Aýjeren, Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
mugallymlary Sopyýewa Jennet