HALKARA ZENANLAR GÜNI DABARALY BELLENILDI
Dabarada aýdylan gutlag sözlerinde nygtalyşy ýaly, Halkara zenanlar güni jemgyýetimizi belent maksatlara jebisleşdirýän hem-de döredijilikli işlere ruhlandyrýan baýramçylyk hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde zähmet çekýän zenanlarymyz, bilim alýan talyp gelin-gyzlarymyz hem bilim ojagymyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar, işde we okuwda uly üstünlikleri gazanýarlar. Olar golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaklarynda bagtyýar zenanlaryň arasynda geçirilen «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bäsleşikde, «Talyp gözeli» bäsleşiginde hem guwandyryjy netijeleri görkezdiler. Ýokary okuw mekdebimiziň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygyny açyp görkezýän çärelere giň gerim berilýär. Dokma önümçiligi fakultetinde hereket edýän «Dokmaçylar» gurnagynda hem guwandyryjy işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň aýratyn bölümi «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» diýlip atlandyrylýar. Onda nygtalyşy ýaly, biz ähli ýaşlarymyz bilen birlikde, ýaş gelin-gyzlarymyzyň hem kämil ylym-bilim almagy, döwrebap hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri we amatlyklary döredýäris.
Çykyşlarda 8-nji mart baýramy — Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda zenan gözelligi, ene mähremligi wasp edildi. «Zenanlar biziň eziz Diýarymyzyň buýsanjydyr» diýip, gelin-gyzlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagy arzuw edildi.