eTELEGRAMMA ulgamy



     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär.  
     Bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda hem ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen bu ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde eTELEGRAMMA ulgamy döredilmegi muňa mysal bolup biler. Bu ulgamyň içki düzümi Ulanyjylar, Talyplar, Fakultetler, Hünärler, Nusgalar we Habarlar ýaly bölümlerden ybaratdyr. Ulgamda talyplaryň ýetişigi barada maglumatlar talybyň kakasyna we ejesine  awtomatlaşdyrylan usulda öýjükli el telefonuna şeýle hem elektron poçtasynyň salgysyna sms habary barýar. Munuň özi bolsa häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.



Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň
mugallymy Ahmet Gurbanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79