Taryhy-medeni miras halkyň müdimi baýlygydyr




     Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli “Ak bugdaý” muzeýine we “Seýitjemaleddin” taryhy ýadygärlikler toplumyna talyplar bilen köpçülikleýin gezelenç guraldy. Bu gezelenje S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär orta mekdebiniň talyplary gatnaşdy. 
       “Ak bugdaý” muzeýi ýurdumyzda iň uly muzeýleriň biri hasaplanylýar. Bu taryhy muzeýiň açylanyna uzak wagt hem geçmedik bolsa uly at- abraýdan peýdalanýar. Çünki, gysga döwrüň içinde ýaşlaryň, syýahatçylaryň ýüzlerçesi gelip, türkmen halkynyň taryhy, medeni we sungat ýadygärliklerini, arheologik tapyndylaryny, türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy lybaslaryny synlap, öz gözýetimiňi giňeltmäge uly mümkinçilik berýär.
     Bu taryhy muzeý 1-nji we 2-nji gatdan ybarat bolup, 4 bölümden durýar.
     1. Arheologiýa bölümi.
     2. Etnografiýa bölümi.
     3. Oba hojalyk we ekrançylyk  bölümi.
     4. Berkararlyk bölümi.
     Talyplar muzeý bilen tanyşdyrjylaryň gürrüň berýän gürrüňlerni diňlediler, muzeýdäki ekspanažlara içgin gyzyklanma bilen seretdiler. 
      Soňra talyplar türkmen topragynda Teýmirler zamanynyň ajaýyp binagärlik däplerini we çeperçilik tärlerini özünde jemlän, ady belli ýadygärlik bolan, halk arasynda “Seýitjemaleddin” diýip atlandyrylýan Änew şäherindäki şyh Jemaleddiniň metjidine zyýarata baryldy.
     Mugallymlar tarapyndan bu ýadygärlik barada gyzykly we taryhy rowaýatlary, wakalary gürrüň berildi. Bu gezelenç talyplaryň aňynda taryha bolan gyzyklanma döretdi we öçmejek yz goýdy.
        
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Rahymowa Çynar 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79