“Edepli-ekramly – türkmen gözeli”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly wakalara, beýik ýeňişlere baý bolup, batly gadamlar bilen Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, dowamata dowam bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen ak geljegi nazarlap barýar.
“Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly milli mirasymyza, baý medeniýetimize, egsilmez sungatymyza goýulýan sarpanyň nuruny dünýä şuglalandyrmakdaky beýik maksadyň binýady boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber üns-aladasyna eýlenen bu asylly ýörelgeleriň hözürini türkmen ýaşlary durmuşyň her bir ädiminde duýup ýaşaýarlar. Şu ajaýyp mümkünçiliklerden ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda “Edepli-ekramly – Türkmen gözeli” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek, ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, nesillerimize olaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşup, pederlermizden, ene-mamalarymyzdan müdümilik miras galan bahasyna ýetip bolmajak asyllylyk, halallyk, dogduk mekanymyza, mähriban halkymyza, agzybirlik ýolumyza, wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp ýörelgeleri olaryň aňyna guýmakdan ybaratdyr.
Bäsleşik örän gyzgalaňly, täsir galdyryjy bolup, talyp gyzlar bäsleşigiň şertleri boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler şeýle-de talyp gyzlar bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny goşgularyň, aýdymlaryň, çeper okaýyşlaryň üsti bilen buýsançly beýan etdiler.
Bäsleşigiň soňunda eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşikde I orna agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Garlyýewa Akpamyk mynasyp boldy.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Sopyýewa Jennet