BINÝADY GEÇMIŞDE BOLAN BUÝSANÇLARYMYZYŇ BEÝANY
Türkmen halkynyň bäş müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleri milli buýsançlarynyň binýadynyň gadymy geçmişlerden gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Taryhy maglumatlar örän gadymy taryhy maglumatlary özünde saklaýan türkmen topragy bilen baglylykda Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda Jeýtun medeniýetiniň, onuň yzysüre bolsa Änew medeniýetiniň gülläp ösendigini öz sahypalarynda saklaýar.
Änew medeniýetiniň taryhy kökleri dogrusynda söhbet açanymyzda, ilki bilen, Döwlet Baştutanynyň iň täze ýüze çykarylan taryhy maglumatlary özünde saklaýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Bu kitapda Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň beýik medeni mirasy we onuň taryhyny esaslary dogrusynda düýpli we ylmy esasly gürrüň edýär. Sebäbi döwlet Baştutanymyz, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlaryň, taryhçylaryň we olar bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleriniň uly ýardam berendigini nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Elbetde, dünýäniň ösüşleriniň ilerlemegine mynasyp goşandyny goşmagy başaran halkyň, milletiň taryhy buýsançlary dogrusynda bilýän maglumatlaryňy bilmeýänler üçin elýeterli etmek örän sogaply işdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir.
Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär.
Birnäçe bölümden ybarat «Gadymy Änewiň täsinligi» atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada berilýän gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak diýseň gyzyklydyr. Änew medeniýetinden gürrüň berýän taryhy ýadygärlikleriň arasynda biziň günlerimizde bölekleýin hem bolsa saklanyp galanlaryň hatarynda XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin ýadygärligi bar. Girelgesiniň ýüzi örän täsin, owadanlygy bilen tapawutlanýan mozaika bilen nagyşlan metjit bu ýadygärlikler toplumynyň esasy desgalarynyň biridir. Bu metjidiň gurluşygy barada halk arasynda gadymy rowaýatlar bar.
1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýer titreme zerarly bu binagärlik toplumy we metjit weýran boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, syrçaly mozaikalaryň asyl nusgalary tapyldy we olar gaýtadan dikeldildi. Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar.
Şeýle hem bu bapda hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň ýaşy dogrusyndaky hem-de geçen asyryň ortalarynda arheolog Wadim Massonyň kakasy akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy (GTATE) tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky maglumatlara ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ünsimizi gönükdirýän maglumatlarynda ylmy maglumatlaryň, taryhy ýazgylaryň esasynda şäheriň ösüşi, ýerleşişi hem-de gurluşy barada gürrüň berilýär.
Gadymy Änew medeniýeti bilen bagly gürrüňler kitapda, neolit zamanynda (b.e.öňki VII-VI müňýyllyklarda) dörän we oba hojalygynyň ösüp başlan Jeýtun medeniýeti bilen utgaşyp gidýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu maglumatlara öz kitabynda aýratyn bir bölüm bagyşlapdyr.
Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmeginiň türkmen halkynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýandygy, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýandygy bellenilýär. Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly mirasy sungat işgärleri üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şunda hem döwürleriň arasyndaky arabaglanyşyk, nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Kitabyň nobatdaky babynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi bolup durýan Änew şäheriniň şu güni barada söhbet edilýär. Häzirki döwürde bu ýerde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen iri maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylýança bu sebitde toplan iş tejribesi barada gürrüň berýär. Bu döwür döwlet Baştutanymyzyň durmuş we zähmet ýoluna uly täsirini ýetiripdir. Şeýle hem bar bolan kuwwatlyklary netijeli ulanmagyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda Ahal welaýatynda uly durmuş-ykdysady öňegidişligiň gazanylandygy bellenilýär.
Änewiň gözel ýerleri barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle naýbaşy binalaryň biri hökmünde Milli «Ak bugdaý» muzeýini görkezýär. Gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan, bäş müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri bolsa muzeýiň naýbaşy we täsir galdyryjy gymmatlygydyr. Şöhratly ata-babalarymyzyň bu bereketli toprakda kemala getiren ekerançylyk däpleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Bu bapda türkmen halkynyň Milli Lideriniň iri megataslamany — Arkadag şäherini gurmak başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda täze şäheriň birinji tapgyry dabaraly açyldy. Bu taryhy waka Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde kemala gelýän täsin şähere kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berildi.
Kitabyň jemlemesinde döwlet Baştutanymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreleriň hem-de dabaralaryň 2024-nji ýylyň ýyl ýazgysynda mynasyp orny eýelejekdigine, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirýär. Bu başlangyçlar pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyryp, ony dünýä ýaýar.
Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip,öz okyjylaryna gowşan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň bardyr. Hormatly Prezidentimiz ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köki taryhyň çuňluklarynda berk ornaşan gadymy Jeýtun medeniýetiniň özboluşly dowamy bolup kemala gelen Änew medeniýetiniň mertebesini şu günki nesillere we ertirki nesillere dabaralandyrýan bu ajaýyp kitabyndaky taryhy maglumatlar dünýä taryhçylary üçin hem gymmatly gollanmadyr.
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazmak arkaly baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin! Siziň kämil paýhasyňyzyň önümi bolan ajaýyp eser biziň üçin mertebe gollanmasydyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, galamyňyz ýiti, zehiniňiz kesgir, hut şeýle-de kämil eserleriňiziň yzy gür bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Esenmämmedowa Tawus.