MEDENI MIRASYM GANATDYR GÖWNE
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplar topary Aşgabat şäheriniň Günorta-Günbatarynda ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýine gezelenje gitdiler.
Bu toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäherinde ýadygärlikler toplumyny gurmak hakynda” 2012-nji ýylyň 17-nji awgustyndaky 12503-nji kararyna laýyklykda, Watan mukaddesligi muzeýi toplum bilen bilelikde 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda açylyp ulanylmaga berildi.
Watan mukaddesligi muzeýi medeni aň-bilim we ylmy-barlag edarasy bolmak bilen, ýurdumyzyň muzeý ulgamy babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär. Ol türkmen halkynyň taryhy geçmişi, Watanyň azatlygy hem-de Garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde görkezilen gahrymançylyklar bilen bagly taryhy we medeni gymmatlyklarynyň döwlet gaznahanasydyr.
Muzeýiň binasy 1 gatdan ybarat bolup, onuň esasy sergi ekspozisiýasy muzeýiň 1-nji gatynda ýerleşýär, muzeýiň ýerzemin gatynda ammar jaýlary we muzeý gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagy üçin niýetlenen gaznahanalar bar. Muzeýiň sergi zallary uly bolan dört bölekden durýar: Bu zalda Beýik Watançylyk urşy bilen bagly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary hem ýerleşdirilen, Aşgabat ýer titremesiniň zaly, Häzirki zaman Aşgabadyň döwrebap binalary baradaky maglumatlar ýerleşdirilen.
Muzeýde 1000-e golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar. Muzeýde sergi ekspozisiýa işini döretmegiň we kämil usullarda guramagyň tapawutly aýratynlygy, onuň döwrebap tehniki serişdelerinden we maglumat saklaýjy çeşmelerinden, häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan tilsimatlardan ybaratlygydyr. Muzeý talyparda uly täsir galdyrdy, täze görnüşli zatlary gördüler, öwrendiler.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymlary
Rahymowa Çynar we Geldimyradowa Aýnur