Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi



      Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda terbiýesine ünsi gowşatmazlyk, internet ulgamynda sosial torlarda ýaýradylýan we mahabatlandyrylýan zyýanly maglumatlardan talyp ýaşlary ägä etmek, olara öýkünmezlik, talyp ýaşlary olaryň edebine, gylygyna ýaramaz täsir edýän psihologik täsirlenmelerden goramak, internet ulgamyndan maksadalaýyk peýdalanmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanunbozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
     Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan we gün-günden gözelleşýän Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda barha uly üstünliklere beslenýändigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň döwrebap bilimli we terbiýeli bolmalydyklary barada aýdan öwüt-nesihatlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar sözlerini dowam etdirmek bilen, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň terbiýesine ünsi gowşatmazlyk, internet ulgamynda sosial torlarda ýaýradylýan we mahabatlandyrylýan zyýanly maglumatlardan talyp ýaşlary ägä etmek, olara öýkünmezlik, talyp ýaşlary olaryň edebine, gylygyna ýaramaz täsir edýän psihologik täsirlenmelerden goramak, internet ulgamyndan maksadalaýyk peýdalanmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanunbozulmalaryň öňüni almak barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan, zyýanly endiklerden daşda durmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri barada düşündiriş berdiler we internet ulgamy boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynynyň talaplary barada durup geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda hukuk bozulmalaryň öňüni almak, talyplaryň türkmeniň  döwletlilik ýörelgelerine, milli däp-dessurlaryna uýmaklary barada hem giňişleýin gürrüň berildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gün saýyn gülläp ösýän Watanymyzda, Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara edýän gymmatly öwüt-ündewleriniň saýasynda talyp ýaşlarymyzyň ösen aň-düşünjeli bolup beýleki ýaşlara görelde bolmalydyklary barada aýratyn bellediler we talyp ýaşlaryň deň-duşlaryna wagyz-nesihat bermek arkaly hukuk bozulmalaryň öňüni almaklyga, ýaramaz endikleriden daşda durmaklary, internet ulgamyndan ýerlikli peýdalanmak baradaky wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşmaklarynyň zerurdygyny bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar talyp ýaşlara ýüzlenip, olara okuwlarynda uly üstünlikler arzuw etdiler we geljekde halkymyza, Watanymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini has belent sepgitlere ýetirmekde öz saldamly goşantlaryny goşjak başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, ýurdumyzy gülletmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79