Orta hünär okuw mekdebimizde okaýan talyplaryň gutardyş dabarasy geçirildi



     2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň gutardyş dabarasy geçirildi.  
     Gutardyş dabarasy uly ruhubelentlige we buýsançly wakalara beslenip, uçurymlaryň durmuşynda ýatda galyjy günleriň birine öwrüldi. Dabaraly çärä S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň prorektory we S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri gatnaşdy. 
     Gutardyş dabarasynyň dowamynda mekdebimizi üstünlikli tamamlan uçurymlara dabaraly ýagdaýda hormat hatlary we minnetdarlyk hatlary mekdebiň direktory tarapyndan gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda mugallymlaryň, talyplaryň adyndan uçurymlara mähirli gutlag sözleri aýdyldy we ak ýol arzuw edildi.
      Çykyşlarda mekdebiň häzirki uçurymlarynyň ýakyn wagtda zähmet ýoluna başlap, ýurdumyzyň oba hojalygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirildi. Olaryň ele alan bilimleri we ukyp-başarnyklary ýurdy durnukly ösdürmek we Türkmenistany has-da gülledip ösdürmek ugrunda ýaş nesilleriň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berer. 
      Baýramçylyk meýdançasynda uçurymlar üçin aýdym-sazly gutlaglar ýaňlandy.


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy Ahmet Gurbanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79