BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI



     1-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabarasy geçirildi.
     Orta hünär okuw mekdebimiziň direktory Seýidow Serdar baýramçylyk dabarasyny açyk diýip yglan etmegi bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.
     S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Kakajanow Hemra gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
     1-nji ýyl talybyna talyplyk şahadatnamasynyň nusgasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Orta hünär okuw mekdebimizi tapawutlanan diplom bilen tamamlan uçurymymyz mekdebiň Nyşany açaryny 1-nji ýyl talyba gowşurmak däbini ýerine ýetirdi.
      Soňra 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny aňladýan ilkinji jaň kakyldy. Şu ýyl okuwa kabul edilen her bir talyp Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Tugunyň öňünde dyza çöküp, ony maňlaýa syldylar. Türkmenistanyň Döwlet kasamy kabul edildi.
     Dabarada talyp ýaşlaryň ählisine geljekde uly üstünlikler, sowatly, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmekleri, ylym-bilimler dünýäsinde ak ýol arzuw edildi.
     Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Aşgabat şäherindäki 
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň 
mugallymy Ahmet Gurbanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79