ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRLEN DERS BÄSLEŞIKLER ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI

     

     Bilim, her bir jemgyýetiň geljegini kesgitleýän esasy gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmak, olary döredijilik hem-de bäsdeşlik ukyplaryna iterýän çäreler möhüm orny eýeleýär. Şeýle çäreleriň biri-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika boýunça geçirilen ders bäsleşikleridir. Mekdebimiziň talyplary döwlet derejesindäki ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde dürli derslerden gowy netijeler görkezip, mekdebimiziň abraýyny artdyran talyplarymyzyň sany az bolmady.
     Matematika dersinden Hožamuradowa Suraý we Ýoldurdyýewa Laçyn ikinji orny eýeledi. 
     Fizika dersinden Myradowa Suraý birinji orun we Hojadurdyýewa Söýli ikinji orna mynasyp boldylar
     Informatika dersinden Atanyýazow Ahmet birinji orun, Annadurdyýew Abdylmejit ikinji orun we Hojagulyýew Orazmuhammet üçünji orunlara mynasyp boldular.
     Bäsleşikde gazanylan bu üstünlikler diňe bir talyplarymyzyň zähmetiniň miwesi bolman, eýsem, mekdebimiziň bilim ulgamynyň ýokary derejesiniň hem görkezýän subutnamasydyr. Talyplarymyzyň bu üstünligi hemmämize buýsanç duýgusyny bagyş etdi.
     Gelejekde-de şeýle üstünlikleriň dowam etdiriljekdigine, bäsleşiklerde üstünlikleriň sanynyň has-da artjakdygyna uly ynam bildirýäris!

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Ahmet Gurbanow 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79