WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere eýe bolandygyny bellemek bilen, watanymyzyň gün saýyn ösýändigini we özgerýändigini nygtadylar we bu gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen düýbi tutulan, we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilen bimöçber tagallalaryň ýatandygyny bellediler. Çykyş edenler döwlet derejesinde ýaşlar barada edilýän bu aladalara jogap edip, talyp ýaşlaryň ýokary ahlakly, tertipli, başarjaň we ugurtapyjy, edepli-ekramly, watasöýüji ýaşlar bolup ýetişmelidiklerini, halkymyza, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur wepaly ýaşlar bolup ýetişmelidikleri barada bellediler. Duşuşykda çykyş edenler şeýle mazmunly söhbetdeşlikleriň talyp ýaşlaryň arasynda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalarynyň we kanun bozulmalaryň azalmagyna örän uly täsir edýändigini giňişleýin nygtadylar. Şeýle hem, çykyş edenler watanymyzyň ýaşlarynyň örän terbiýeli, edepli ekramly, salyhatly, ýokary ahlakly bolmalydyklaryny nygtadylar. bellediler we şonuň bilen birlikde talyp ýaşlaryň hukuk düşünjeleriniň we bilimleriniň, kanunlardan baş çykaryp bilmek endikleriniň ýokary derejede bolmalydygy barada giňişleýin düşünje berdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler talyp ýaşlara ýurdumyzyň ykdysadyýetini has belent sepgitlere ýetirmekde öz saldamly goşantlaryny goşjak başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Watanymyzy barha gülletmekde we ösdürmekde alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri, berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdiler.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň direktorynyň orunbasary
Ymamberdi Annaöwezow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79