Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere eýe bolandygyny bellemek bilen, watanymyzyň gün saýyn ösýändigini we özgerýändigini nygtadylar we bu gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen düýbi tutulan, we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilen bimöçber tagallalaryň ýatandygyny bellediler. Çykyş edenler döwlet derejesinde ýaşlar barada edilýän bu aladalara jogap edip, talyp ýaşlaryň ýokary ahlakly, tertipli, başarjaň we ugurtapyjy, edepli-ekramly, watasöýüji ýaşlar bolup ýetişmelidiklerini, halkymyza, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur wepaly ýaşlar bolup ýetişmelidikleri barada bellediler. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlara ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklary, hukuk sowatlylyklaryny artdyrmaklary, öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaklygy başarmaklary, hukuk bozulmalaryň, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaklyga ýardam etmekleri, olary öňünden duýmaklygy başarmaklary we öňüni almaklyga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmeklige ýardam etmekleri barada giňişleýin çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelmegi bilen, ony ýokary guramaçylykly garşy almak we asuda ýagdaýda geçirmek, partlaýjy ýa-da gaty ses çykaryjy maddalardan daşda durmak, onuň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany barada pikirlenmek dogrusynda gymmatly maslahatlaryny berdiler we talyp ýaşlara türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy ýatdan çykarmazlyk we elmydama olary özlerine nusga edinmeklik barada nygtadylar. Şeýle hem, duşuşykda çykyş edenler Watanymyzyň talyp ýaşlarynyň örän terbiýeli, edepli ekramly, salyhatly, ýokary ahlakly ýaşlar bolmalydyklary we beýleki ýaşlara elmydama görelde bolmalydyklary barada bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler talyp ýaşlara ýurdumyzyň ykdysadyýetini has belent sepgitlere ýetirmekde öz saldamly goşantlaryny goşjak başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, janlarynyň sag, tutýan il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.