Rowaçlyklara beslenýän ýurdymyzyň waspy



     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz daşary döwletler bilen parahatçylykly we dost-doganlykly gatnaşyklary berkitmekde uly işleri amala aşyrýar. Muňa mysal hökmünde şu ýylyň, ýagny “2025-nji ýyl- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň özi hem onuň subutnamasy bolup durýar. Biziň hem orta hünär okuw mekdebimizde “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýjilik daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär” atly sergi gurnaldy. Bu sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň çeken ajaýyp eserleriniň birnäçeleri görkezildi. Görkezilen ajaýyp eserlere ser salan her bir halypa mugallymlar we talyplar uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Mundan başga-da sergide mekdebimiziň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Sahatmyradowa Tawus 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79