Gyz görki saçda bor, gül tahýasy başda bor

     

     Türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ar-namasy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara sarpa goýup gelipdir. Gelin-gyzyň görki saçdadyr diýip, ýöne ýere aýdylmaýar.
     Bu gün hem Mukaddes Watanymyzda zenanlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, sazlaşygyň, kämilligiň şuglasy hökmünde görülýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär okuw mekdeplerinde we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda “Gyz görki saçda bor, gül tahýasy başda bor” atly bäsleşige Biziň mekdebimiziň Ösümlikleri goramak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Halmämmedowa Gülsoltan gatnaşyp baýrakly orunlaryň biri bolan 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. 
    Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik il bähbitli ýurt ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.   


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79