Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary okuw dersi boýunça online bäsleşigi geçirildi



     Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň  guramagynda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” okuw dersi boýunça online bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik ýaşlaryň tehnologiki ukyplaryny ösdürmek, algoritmiki pikirlenmäni kämilleşdirmek we sanly dünýädäki başarnyklary artdyrmak maksady bilen gurnaldy. Şeýle hem, ýaşlaryň sanly düşünjelerini ösdürmek, dürli algoritmiki meseleleri çözmekde tejribe gazanmaklary we kämilleşmekleri üçin platforma döretmek bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşik aýratyn-da, IT ukyplaryny barlamak we olary täze derejä çykarmak isleýän ýaş hünärmenler üçin uly mümkinçilikleri hödürledi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň görkezýän netijelerine laýyklykda ýeňijiler aşakdaky ýaly kesgitlenildi:
     Baş baýrak: Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 201-nji toparynyň talyby Hojagulyýew Orazmuhammet;
     Baş baýrak: Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Maglumat ulgamlary we programmirlemek hünäriniň 101-nji toparynyň talyby Atanyýazow Ahmet;
     1-nji orun: Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 202-nji toparynyň talyby Durdyýewa Ogulsenem;
     2-nji orun: Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 202-nji toparynyň talyby Nurutdinowa Nasiba;
     2-nji orun: Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 202-nji toparynyň talyby Annadurdyýew Abdylmejit;
     3-nji orun: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 207-nji toparynyň talyby Meýmanowa Umida;
      Bäsleşige gatnaşyjylar geljekde halkymyza, Watanymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur wepaly ýaşlar bolup ýetişjeklerini, ýurdumyzyň sanly ulgamyny has belent sepgitlere ýetirmekde öz saldamly goşantlaryny goşjak başarjaň hünärmenler bolup ýetişjeklerini ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, ýurdumyzy gülletmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler. 


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Ahmet Gurbanow 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79