Parahatçylygyň sazy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda, nusgalyk işleri amala aşyrmakda, parharatçylyk ýol bilen meseleleri çözmekde uly işler bitirýär. Alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýar. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň çelgisi bolan parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri ýaşlara açyk görkezmek wagyz-nesihat işlerini ýola goýmak maksady bilen ýurdymyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda “Arkadag Serdaryň dünýä uzan ak ýoly- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly teatrlaşdyrylan wagyz nesihat dabarasy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda “Dutaryň owazy” atly sahna oýynlaryna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary bolup tomaşa etdik. Bu sahnada ilki bilen Gahryman Arkadagymyzyň Parahatlyk sazy dost doganlyk sazy atly ajaýyp jümlelerinden dörän kitabynyň sözlerinden başlandy.
Milli Liderimiziň bu kitaby sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz bu eser esasynda düşürilen kinofilmi ilkinji gezek çaga wagty görendigini, onuň özüne uly täsir edip, ondaky wakalaryň ýüreginde mydamalyk galandygyny aýdýar we «...sazyň syryna aň ýetirjek bolup, men bu ajaýyp kinofilmi köp gezek gördüm» diýen sözlerinden başlap sahna görnüşinde beýan edildi. Şol pursatda-da bu pikirleriň üsti bilen ruhy dünýäňde sazyň syry bilen baglanyşykly düşünjeler peýda bolup başlaýar. «Dutaryň diňe dili ýok» diýlişi ýaly, düşünýän adam üçin ol ähli wakalaryň syryny açyp berýär. Söze, saza inçeden düşünýän adamyň il içinde sarpasy hemme döwürde-de belent tutulypdyr. Şonuň üçinem «Sazyň syry» düşünjesiniň peýda bolmagynyň talyplarda hem-de mugallymlarda uly täsir galdyrdy.
Ençeme gymmatlyklarymyzdan sungaty, sungat eserlerini döreden halkymyz parahatçylygyň sungatyny döretmegiň hem özboluşly tilsimlerini oýlap tapypdyrlar. Şükür bagşy ýeňiş gazanmak bilen, saza daýanyp, saza gol berip, parahatçylygyň sungatyny döredip bilen türkmen sazandasydyr. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz oňa kitabyny bagyşlap, «...Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir. Bolup geçen bu wakada parahatçylygy döretmek ideýasy sazandanyň keşbinde öz beýanyny tapýar» diýip belleýär. Alym Arkadagymyz Şükür bagşynyň sazynyň üsti bilen dünýäni abat, parahat saklap biljek, hemmelere düşnükli bir dilde gürläp bilýän Älem sazynyň, sungatynyň mysalynda bütin adamzat kalbyny parahatçylyga çagyrýandygyny sahnada görkezýär.
Şükür bagşynyň esasy «ýaragy» — dutary, sazy hem çuňňur paýhasy. Ol dawa-jenjeli söweş ýoly bilen däl-de, parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapynda. Halkymyzyň dutar hem söz bilen bagly durmuş ýörelgesini ynsanyň saza we söze söýgüsi — onuň ruhubelentliginiň kepili. Älem-jahan sazlaşygyny döredip biljek güýç gylyçda, haýbatly ýaragda däl-de, iň nepis duýguda, iň owadan, näzik sungatda eken. Bu sazlaşygyň berkligine, ähmiýetine taryhynyň şaýatdygy şol sahnada açylyp görkezildi hem-de ýaşlaryň aňynda uly täsir galdyrdy.
Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýar halky hemişe asuda durmuşda ýaşasyn, türkmeniň parahatçylyk sazy dünýä ýaň salsyn!
Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her dürdäne setirinde türkmen kalbynyň parahatçylyga, dost doganlyga bolan hortmaty dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirmägi giň mümkinçilikleri açyp görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik, il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Tawus Esenmämmedowa