Önümçilikde ylym we tejribe




  2025-nji ýylyň mart aýynyň 18-ine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary bilen Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna barylyp görülmegi olaryň tejribelerini we bilimlerini artdyrmaga uly itergi berdi. 
  Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy Türkmenistanda dänäni gaýtadan işlemek boýunça iri kärhanalaryň biridir. Onuň esasy aýratynlyklarynyň, biri Elewator bölüminiň bir wagtyň özünde 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenenligidir. 
  Talyplar kärhananyň iş düzgünleri bilen tanyşdyryldy, tehnologiki enjamlaryň işleýşi we önümçilik etaplary doly düşündirildi. Talyplar önümçilikde dürli bölümler bilen, tejribehana barlaglaryna gatnaşdyryldy we hil gözegçiligi bilen tanyşdyryldy. Tehnologiki enjamlary ulanmagyň inçe tilsimleri öwredildi. Hünärmenler bilen işleşip önümçiligiň her bir tapgyry boýunça tejribe aldylar. Geljekde hünär taýdan kämilleşmeli diýlen maslahatlar berildi we bu işleriň netijesinde talyplar teoriýa bilen amalyň utgaşygyny görüp, kärhanalaryň hakyky iş şertlerine taýynlykly bolmalydyklaryna göz ýetirildi. Kärhananyň hünärmenleri we okuw jaýynyň mugallymlary bilen pikir alyşylyp, tejribe netijelerine seljerildi.


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Jeren Galandarowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79