Parahat ýurdumyzyň bilim başlangyçlary
Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan giň gerimli, ýokary sepgitli işleri we ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler hem-de öňde goýulýan wezipeler barada, şeýle-de şahsy düzümiň arasynda watan borjuny tamamlap barýan esgerleri hünärlere ugrukdyrmak, eziz Watanymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň hünärli bolmak barada edýän aladalaryny ýola goýmak we ýurdymyzyň ösüşine öz goşandyny goşýan talyplary kemala getirmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Esenmämmedowa Tawus, Ýagdyýew Bagtyýar, Şanýazowa Orazbike, Nurow Abdylla, Niýazlyýewa Ogulbagt Türkmenistanyň döwlet serher gullugynyň 2109 harby bölüminiň goşun galasynyň ähli derejedäki gullukçylary bilen mekdebiziň ähli hünärleri barada wagyz-nesihat işleri geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlara döwrebap bilim we hünär bermek ugrunda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri, taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz, Belent Serkerdebaşymyza uzak ömür, berk jan-saglyk, tutýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus