Sport saglyga we gözellige tarap ýoldur




     Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda asuda asmanyň astynda parahat abadan ýurdymda talyplarymyzyň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen   Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji 14-nji fewraldaky 42 belgili buýrugy bilen tassyklanan: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Hoşniýetli dost ili-biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk-saýlan aýdyň ýolumyz!” şygary bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur!” atly geçirilen şaşka we düzzüm sport görnüşi boýunça ýaryşynda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Çaryýewa Güljahan, Ataýewa Täzegül, Hojagulyýew Orazmuhammet, Gurbanow Gurbanmuhammet toparlaýyn bäsleşikde 1-nji  orna mynasyp boldylar.  Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän taýsyz tagallalary, türkmen halkyny parahat durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän aladalaryna üçin janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Berdiýew Arslan


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79