Parahatçylygyň waspy- şekillendiriş sungaty.




     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen döwrümiziň talabyna laýyklykda bilimiň orta we ýokary başlangyçlarynda bilim hem-de terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak ugrynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäheriniň agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde  ýurdymyzyň döwlet muzeýleriniň gurnan muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu bolsa ýurdymyzda  milli bilim ulgamynyň innowasion ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkiçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmak ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýelemek boýunça maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz ajaýyp ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekilendirip bilmek ukybydyr. Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr. Ýurdymyzda sungaty ösdürmekde alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79