Jöwher paýhasyň – ajaýyp jümleleri




     Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Adam ömrüniň dowamynda kitap bilen, has ýakyndan dost bolmak isleýär. Sebäbi kitaplar awtorlar tarapyndan ýürekden ýazylýar we ýürege ýetip bilýär. Kitap hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäheriniň agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde  kitap sergisi gurnaldy. Bu bolsa biziň mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrdy. Mekdebimizde gurnalan kitap sergisi Gahryman  Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän  we   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp jümlelerinden kemela gelen kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu gymmatly eserler mugallymlarymyzyň hem-de bagtyýar talyp ýaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mundan beýläkde galamlarynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamlarynyň dowamaty-dowam bolmagyny, täze kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Gurbanow Ahmet

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79