Döredijilik duşuşygy



     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, terbiýeli we hünärli bolmaklary hakynda örän uly aladalar edilýär. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlarynyň gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri üçin çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip,  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de teartryň artistleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen döredijilik duşuşygyny görkezmek bolar. Bu duşuşykda talyplar özleriniň teatr sungaty boýunça gyzyklanýan soraglaryny artistlere berdiler. Şular ýaly duşuşyklar talyp ýaşlary medeni ruhda terbiýelemekde, olaryň sungata bolan söýgüsini artdyrmakda uly itergi berýär. Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny, janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. 



Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy 
Sahatmyradowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79