Sport-sagdynlygyň çeşmesidir
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde sporta yzygiderli üns berilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli gönüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipeleri döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Häzirki wagtda sport we bedenterbiýe talyplaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde sportuň orny örän uludyr. Çünki sport-sagdynlygyň çeşmesidir. Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV sport ýaryşlary (Sportakiada) geçirildi. Bu ýaryşda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary sportuň suwda ýüzmek, ýeňil atletika, basketbol, küşt, şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, milli göreş, futzal, woleýbol, karate-do, tigir sürmek, tanap çekmek (jemi 13 görnüş boýunça 15 ýaryş) görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň ähli görnüşleri boýunça 1-nji orna mynasyp boldylar.
Ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan talyplaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň sanyny artdyrmakda, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Berdiýew Arslan