Päk terbiýe-döwrebap bilim




     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdymyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşyşykda çykyş edenler  Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe we döwrebap bilim almaklaryna aýratyn hem-de çuňňur ünsüň berilýändigini nygtadylar. Döwrebap bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekligiň her bir mugallymyň asylly maksatlarynyň biridigini bellediler. Ýaşlary ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalara çekmeklik, esasan hem talyp ýaşlar üçin, özboluşly synag merkezi ýa-da kämilligiň binýady bolup durýandygyny nygtadylar. Ýurdymyzda ýaşlaryň döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagynda, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler. 
     Biz ýaşlara döwrebap bilim bermekde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden öwüt-sargytlaryna we ündewlerine ygrarly bolup, Watanymyzyň gülläp ösmegindäki beýik işlerde öz saldamly goşantlarymyzy goşýandygymyz üçin özümizi bagtly saýýarys we şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadygymyza,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy 
Esenmmämedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79