Kämilligiň gözbaşy döwrebap bilim
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda okatmagy kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şoňa esaslanyp, Aşgtabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň taýýarlygynyň hiline baha bermek, olaryň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmaga gyzyklanmalaryny höweslendirmek, talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bu ugurlarda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem ýurdumyza halkara bäsleşiklerinde mynasyp wekillilik edip bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, bilim we terbiýe bermegiň öňdebaryjy usullaryny ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeler bilen sazlaşykly dowam etdirmek esasy ugurlaryň biridir. Talyp ýaşlaryň bilim we terbiýeçilik işiniň guralşyna we alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyş hili babatda usuly kömekleri we maslahatlary bermek ýaly ugurlarda işleriň hili ýokarlanýar. Şunda terbiýe bermekde milli däplerimize esaslanmak, milli ýörelgelerimize belent sarpa goýmak hem asylly işlerdir. Bu asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etmek, ýaş nesillere döwrebap bilim bermek bolsa her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Şonuň üçin hem biz — bilim işgärleri ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini yzygider kämilleşdirmelidiris. Şu mysallardan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda bilim bermegiň döwrebap ugurlary ösdürilýär, watansöýüji ýaşlar kemala gelýär.
Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek, ussat hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda edýän atalyk aladalary bilen Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Durdyýewa Sähragül