Sagdyn durmuş- sagdyn nesil




     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmegi esasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar.  Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdymyzy temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1-inden 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlara zyýanly endikleriň ýaramaz tisirlni düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Aşgabat şäher Neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň, Aşgabat gäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Wagz-nesihat çäresine gatnaşanlar çilimiň tüssesiniň zäheriniň ilkinji nobatda, dişleriň daşky syrçasyna zyýan ýetirip, onuň gara hapa bilen örtülmegine, soň göze görünmeýän jaýryjyklaryň emele gelmegine getirýändigini we şol göze görünmeýän jaýryjyklaryň hem kesel dörediji mikroblaryň adam bedenine düşmegine açyk ýol bolup durýandygy barada bellediler. Çykyş eden lukmanlar çilimiň tüssesiniň agyz boşlugyndaky, bokurdakdaky nemli örtügi ýakyp, wagtyň geçmegi bilen hem şol ýerde çiş emele getirýändigini hem-de kesel döremegine getirýändigini, agyz boşlugyndaky tüýkülik mäzleri hem çilimiň tüssesiniň zyýany netijesinde, adatdakysyndan köp tüýkülik bölüp çykarýandygyny gürrüň bermek bilen, talyp ýaşlary sagdyn dumuş ýörelgelerine ygrarly bolmaga çagyrdylar. 
     Türkmen halkynyň sagdyn durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy 
Esenmämmedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79