“Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV sport ýaryşlarynyň jemleri



     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen halkymyzyň durmuşynda sagdynlyk, ruhubelentlik, sporty söýmek ýaly gymmatly ýörelgeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri hem munuň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda sport we bedenterbiýe talyplaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde sportuň orny örän uludyr. Çünki sport-sagdynlygyň çeşmesidir. Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV sport ýaryşlary (Sportakiada) geçirildi. Bu ýaryşda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary sportuň suwda ýüzmek, ýeňil atletika, basketbol, küşt, şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, milli göreş, futzal, woleýbol, karate-do, tigir sürmek, tanap çekmek (jemi 13 görnüş boýunça 15 ýaryş) görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň ähli görnüşleri boýunça 1-nji orna mynasyp boldylar. Şu mynasybetli Türkkmenistanyň döwlet Bedenterbiýe we sport institutynda orta mekdepleriň okuwçylary, orta we tehniki hünär mekdepleriniň talyp ýaşlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýurdymyzyň dürli edara kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda  geçirilen bu sylaglanyş dabarasyna diňe bir bäsdeşlik ruhunda däl, eýsem, agzybirligiň, parahatçylygyň, watansöýüjiligiň hem-de sporta bolan belent söýginiň dabaralanan çäresine öwrüldi. Şeýle talyp ýaşlaryň ýüze çykarylmagy we olara şertleriň döredilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek baradaky beýik başlangyçlaryň miwesidir.  
     Ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan talyplaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň sanyny artdyrmakda, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň bedenterbiýe mugallymy 
Berdiýew Arslan

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79