Nazary bilimleriň miwesi önümçiligiň esasyny düzýär.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň alan nazary bilimlerini önümçilikde berkitmek bilen baglanyşykly okuw we önümçilik tejribelikleri okuw meýilnamasyna laýyklykda talabalaýyk derejede alnyp barylýar. “Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilikde hünär öwreniş işi hakyndaky” Düzgünnamanyň esasynda mekdebiň II ýyl talyplary bilim alýan ugurlaryna laýyklykda edara-kärhanalara önümçilik tejribeligini geçmek üçin ýollandylar. Şonuň bilen baglanyşykly, 2025-nji ýylyň 15-nji maýynda talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde berkitmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda “Toprak” jemgiýetçilik hususy kärhanasynda “Belent maksatlar rowaçlanýar” atly tejribe alyşmak çäresi geçirildi. Bu çärede talyp ýaşlar diňe bir maglumat toplamak bilen çäklenmän eýsem, kärhanada hereket edýän bölümleriň işleri, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi barada hem tejribe ýüzünde tanyş boldular, öwrendiler. Umuman, tejribelikleriň talabalaýyk geçilmegi üçin edara-kärhanalarda ähli mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlar bilen hünär tejribelikleriniň geçirilişine mekdebiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy, şeýle hem hünär tejribeligi üçin ýörite berkidilen mugallymlar tarapyndan gözegçilik edilýär. Tejribelik döwründe talyp ýaşlar edara-kärhanalaryň önümçiligine ornaşdyrylan täze tehnologiýalar bilen hem ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde talyp ýaşlara hünär öwrenmek, bilim almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus