Ykdysadyýetiň ýokary sepgitleri.



     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilik açyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen, ykdysady mümkinçilikleri barha ýokary galýar we dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Asuda Watanymyzyň şu günki üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan we onuň ýolbaşçylygynda agzybir çekilýän zähmetden gözbaş alýar. Durmuşymyzda üýtgewsiz hakykat bolup galan bu ajaýyp jümleler her zähmet adamsynyň kalbynda joşgunly zähmet çekmäge bolan hyjuwy döredýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da ilerlemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanmagyna edýän oňyn täsirleri, röwşen geljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyny habar berýär. Ýurdumyzda telekeçiligi, hususyýetçiligi, şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen, amala aşyrylýan çäreler bu gün ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde döwlete dahylsyz pudagy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Kagyz — adamzat taryhyndaky iň möhüm oýlap tapyşlaryň biri.  II asyrda Hytaýda kagyzyň oýlanyp tapylmagynyň ähmiýetini häzirki döwürde internetiň döreýşi bilen deňeşdirip bolar. Çünki bu açyş hat-ýazuwyň ýaýrawynyň giňemegine, neşirýat-çaphana işiniň ýeňilleşmegine, sowatlylygyň artmagyna, ylym-bilimiň ösmegine itergi berdi. Ondan soňky döwürlerde bolsa kagyzyň ulanylyşynyň gerimi has-da giňedi. Biz mugallymlar ýaşlara döwrebap bilim bermek maksady bilen nazarýetde öwrenenlerini tejribede tanyş etmek üçin dürli kärhanalara we edaralara äkidip görkezýäris.Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryny ýurdymyzda ýerleşýän  kagyz önümçiligini  bilen tanyşdyryldy. Türkmenistandaky iň uly kagyz we gasynlanan karton önümleriniň öndürijileriniň biri bolan “Toprak” hojalyk jemgyýeti kagyz galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegini artdyrýandygyny görkezildi. Kärhana kagyz önümleriniň giň toplumyny özleşdirýär. Şeýlelikde, kärhana dokma, azyk senagaty we beýleki pudaklarda ýerli kärhanalar üçin kagyz, gaplama we çap önümlerini öndürmek bilen meşgullanýandygy bilen tanyş edildi.  Kompaniýa “NowaEco” haryt nyşany bilen sarp edijilere önümleri daşamak, goramak we üpjün etmek üçin gaplamalary öndürýär.  
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde talyp ýaşlara hünär öwrenmek, bilim almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.   Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy 
Esenmämmedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79