Talyplar döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlaýarlar
Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar üçin möhüm döwürleriň biri hem döwlet synaglarydyr. Ol okuw döwrüniň jemlenýän, bilim-terbiýe boýunça alnan netijeleriň barlanýan, ylmy taýdan taýýarlygyň synagdan geçirilýän wajyp tapgyrydyr. Şu günler ýurdumyzda dürli orta hünär okuw mekdepleriniň ýokary kurs talyplary döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrýarlar.
Döwlet synaglary diňe bir akademiki taýýarlygyň däl, eýsem, ýaş nesliň Watana, jemgyýete, hünärine, döwrebap ösüşe bolan garaýşynyň hem subut edilýän derejesidir. Şeýle synaglarda talyplar diňe bir öwrenenlerini görkezmän, eýsem, alan bilimleriniň jemgyýet üçin ähmiýetini hem doly göz öňüne getirýärler. Synaglara taýýarlyk döwründe professor-mugallymlar düzümi tarapyndan giňişleýin maslahatlar, okuw sapaklary, laboratoriýa işleri, tejribe sapaklary yzygiderli geçirildi. Bu bolsa talyplaryň özlerini ynamly duýmagyna we synaglara ruhubelentlik bilen gatnaşmagyna şert döretdi. Döwlet synaglarynyň üstünlikli geçmegi - orta hünär okuw mekdebiniň derejesiniň, mugallymlaryň yhlasly zähmetiniň we talyplaryň çynlakaý taýýarlygynyň netijesidir. Şeýlelikde, üstünlikli tabşyrylan synaglar ýaşlaryň geljekki hünär ýoluna ynam bilen gadam basmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlaýan talyplaryň aglabasy gutardyş dabaralaryna taýýarlyk görýärler. Okuw ýyllaryndaky üstünlikleri, ylmy we medeni işjeňligi bilen tapawutlanan talyplar hormat hatlaryna, diplomlara mynasyp bolýarlar. Soňky ýyllarda döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikler - ýokary bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, okuw şertleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagyna ýol açýar. Şonuň üçin hem ýaşlar bilim bilen taýýarlanyp, Watanyň ösüşi üçin öz paýlaryny goşmaga taýýar bolýarlar.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde döwlet synaglarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi - bilim ulgamyndaky ýokary derejesi bolan tutanýerli zähmetiň, yhlasly taýýarlygyň we ak ýürek bilen edilýän halypalyk hyzmatlarynyň netijesidir. Biz uçurymlarymyza üstünlik arzuw edýäris we olaryň Watanyň beýik ýolunda rowan bolmagyny dileýäris! Pursatdan peýdalanyp döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlan talyplar, ýaşlar, hem-de ýaş nesliň wekilleri hökmünde, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Ahmet Gurbanow